Soňky habarlar

Arhiw

Mary welaýatynda täze ulag barlag merkezi açyldy

14:5525.01.2023
0
69707

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Tagtabazar şäherçesinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Tagtabazar etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň täze edara binasy açylyp ulanmaga berildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

Açylyş dabarasynda tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň täze edara binasynda ornaşdyrylan enjamlar ekologik talaplaryň berjaý edilişini barlamaga, dolandyryş ulgamynyň tehniki ýagdaýyna, tizligi dolandyrmak, gözegçilik datçikleriň işleýşine, yşyklandyryşyň we tormoz ulgamynyň hyzmatlaryna baha bermäge mümkinçilik berýär diýlip habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň