Aýazly howa sebäpli Gyrgyzystanyň paýtagtynda köçe yşyklary wagtlaýyn we bölekleýin öçüriler, muňa elektrik enjamlaryna agram düşmegi sebäp bolýar diýip, Bişkegiň häkimligi habar berdi. Bu barada «MIR 24» ýazýar.
Seýilgähler, baglar we welosiped ýodajyklary yşyksyz galar. Şeýle hem mahabat galkanlary gijesine yşyksyz bolar.
Adatdan daşary aýazly howa Gyrgyzystanda 11-nji ýanwardan bäri dowam edýär. Bişkekde howanyň derejesi gijelerine – 20 gradusdan pese düşdi, ýurduň daglyk etraplarynda – 30-40 gradusa deň boldy.