Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Google Translate» indi türkmen dilini oflaýn ýagdaýda hem goldaýar

02:2725.01.2023
0
52106

«Google» iOS we Android operasiýa ulgamlary bolan enjamlar üçin niýetlenen «Google Translate» programmasyny kämilleşdirmegi dowam etdirýär. Bu gezek kompaniýa türkmen we ýene 32 täze diliň oflaýn terjimesini goldaýan mümkinçilik bilen ulanyjylaryny begendirdi.

iOS we Android üçin «Google Translate» programmasy hatda internete birikmesiz hem tekstleri terjime etmek üçin dil bukjalaryny göçürip almaga mümkinçilik berýär. Bu mümkinçilik, esasan hem, syýasata giden wagtyňyz ýerli SIM kartany satyn almazlyk we Wi-Fi-a bil baglanmazlyk kararyna gelen wagtyňyz kömek eder.

Şeýle aýratynlyk eýýäm onlarça dili goldaýar we indi bu sanawa ýene 33 dil goşuldy:

  1. Bask
  2. Sebuano
  3. Çiçewa
  4. Korsikan
  5. Frizian
  6. Hausa
  7. Gawaýi
  8. Hmong
  9. Igbo
  10. Ýawan
  11. Khmer
  12. Kinýaruwanda
  13. Kürt
  14. Laos
  15. Latyn
  16. Lýuksemburg
  17. Malaga
  18. Maori
  19. Birma
  20. Oriýa (Odiýa)
  21. Samoan
  22. Şotlan gael
  23. Sesotho
  24. Şona
  25. Sindhi
  26. Sudan
  27. Tatar
  28. Türkmen
  29. Uýgur
  30. Kosa
  31. Idiş
  32. Ýoruba
  33. Zulu

«Google Terjime» programmasynda dil bukjasyny göçürip almak üçin, islenýän diliň gapdalyndaky «Ýüklemek» nyşanyna basmak ýeterlikdir.

«Google Translate» dil sanawyna 2020-nji ýylda türkmen diliniň resmi taýdan goşulandygyny ýatladýarys. 2022-nji ýylyň maý aýyndaky ýagdaýa görä, goşundyda 133 dil bar we sanaw yzygiderli täzelenýär.

«Google Translate» köp aýratynlygy hödürleýän, ulanmak üçin aňsat bolan programmadyr. Goşundy göçürilen, ýazylan ýa-da sesli aýdylan sözleri we sözlemleri terjime edip bilýär. Onuň kömegi bilen hatda suratlardaky ýazgyny hem terjime edip bilersiňiz. Mundan başga-da, programma «Google Lens»-iň mümkinçiligini ulanyp, kameradan görünýän zatlaryň hemmesini şol wagtda terjime edip bilýär. Bu peýdaly we amatly aýratynlykdyr. Diktasiýa barada aýdylanda, programma adamlaryň arasyndaky söhbetdeşligi şol wagtda terjime etmäge mümkinçilik berýän söhbetdeşlik tertibini hem hödürleýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň