Turkmenportal logo
24.01.23
2824728247
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň boks ýygyndysy bütindünýä reýtinginde 71-nji orny eýeledi

Türkmenistanyň boks boýunça milli ýygyndysy dünýä reýtinginiň 71-nji basgançagyndan orun aldy. Halkara Boks assosiasiýasy tarapyndan düzülýän reýting şu ýylyň başynda ýene bir gezek täzelendi. Ol 135 döwletiň milli ýygyndysyny öz içine alýar.


Täzelenen reýtingde türkmen ýygyndysyna tegelek 3 müň utugyň berlendigi görünýär. Reýting-sanawy agram derejeleriniň 17-si boýunça türgenleriň görkezijilerini bellige almak bilen taýýarlanýar.


Halkara Boks assosiasiýasynyň resmi web-saýtynda görkezilişi ýaly, türkmen toparynyň netijesine Saparmyrat Ödäýew, Şükür Öwezow, Baýramdurdy Nurmuhammedow, Döwlet Muhanow, Hursant Imankulyýew, Muhammetmyrat Sähedow, Nurýagdy Nurýagdyýew, Taganmyrat Gurbanow hem-de Yhlas Gylyçjanow ýaly ussatlar şärik boldular.


Sanawyň başynda Gazagystan ýerleşdi. Ikinji orny Özbegistan, reýtingiň üçünji basgançagyny bolsa Hindistan özünde saklaýar.


Öňde türkmenistanly boksçulara reýtinglerini gowulandyrmaga mümkinçilik berjek möhüm ýaryşlar garaşýar.