Türkmenistanyň we Russiýanyň suwdan peýdalanmak we ekologiýa boýunça hünärmenleriniň «Ýol kartasy» 20-den gowrak taslamany öz içine alýar

11:3223.01.2023
2
51662

Ozal Aşgabat şäherine Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky Russiýanyň hökümet wekiliýetiniň gelendigini habar beripdik.

Wekilýetiň düzümine Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti, akademik Stepan Kalmykow hem goşuldy.

Kalmykow bilen Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew suwdan peýdalanmak hem-de ekologiýa boýunça rus we türkmen hünärmenleriniň hyzmatdaşlygy üçin Hereket meýilnamasyna («Ýol kartasy») gol çekdi.

«Ýol kartasy» Hazar deňziniň meselelerini çözmek, suwdan peýdalanmak, suw ýitgilerini azaltmak we gidrawliki desgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly ugurlarda tejribe alyşmak üçin 20-den gowrak hyzmatdaşlyk taslamasyny öz içine alýar.

«Poisknews.ru» habar gullugynyň habaryna görä, Stepan Kalmykow türkmen-rus işewürler duşuşygyna we beýleki resmi çärelere hem gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň