Turkmenportal logo
21.01.23
4582145821
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dominikanly 24 gün açyk ummanda galdy
Surat: klike.net

Dominikan Respublikasynyň ýaşaýjysy gaýykda Kolumbiýanyň suwlarynda galdy we 24 günläp diňe üwmeç bilen garbandy. Ony ahyry halas edijiler tapdylar diýip, Kolumbiýanyň Harby-deňiz güýçleri habar berdi. Bu barada «RIA Nowosti» ýazýar.


«Meniň ýanymda azygym ýokdy. Diňe bir çüýşe üwmeç, sarymsak poroşogy hem-de bulýon kubikleri bardy. Men olary suwa garyp, 24 gün açyk deňizde oňňut etdim» diýip, 47 ýaşly Elwis Fransua gürrüň berdi.


Fransua Karibleriň Sen-Marten adasynda özüniň ýelkenli gaýygyny abatlamak bilen meşgullanýardy. 2022-nji ýylyň dekabrynda howa bulaşyp, şemal onuň gaýygyny deňze äkitdi. Ol deňiz nawigasiýasy barada sowady bolmansoň, azaşdy.


Elwisiň aýtmagyna görä, golaýyndan beýleki gaýyklar häli-şindi geçipdir. Dominikanlynyň olary saklamak üçin hatda gaýygynda ot ýakan gezekleri hem bolupdyr, emma ony hiç kim görmändir. Ahyrynda ol barada uçarlaryň biri Koumbiýanyň Harby-deňiz güýçlerini habarly edipdir.


Dominikanly gaýygynyň gapdalyna «kömek ediň» diýen ýazgyny hem oýup ýazypdyr, ony Puerto-Boliwardan 222 kilometrlikde tapypdyrlar.