Gurbanguly Berdimuhamedow Mişustini kabul etdi

13:2320.01.2023
0
51254

Aşgabatda iş saparynda bolýan Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustin şu gün saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Bu barada TASS habarlar gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda geçirilen gepleşikleriň barşynda M.Mişustin rus wekiliýetiniň Aşgabatda mähirli garşylanandygy üçin, türkmen tarapynda minnetdarlyk bildirdi.

Russiýanyň Hökümetiniň başlygy öz çykyşynda rus wekiliýetiniň Aşgabat şäheriniň owadanlygyna haýran galýandygyny nygtady. Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedowa Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmen-rus dostlukly gatnaşyklary we strategik hyzmatdaşlygy barada belläp geçmek bilen, M.Mişustin iki ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilýändigini belledi. Şunuň bilen birlikde, Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy Walentina Matwiýenkonyň Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden salam ýollandygyny, onuň Türkmenistanyň gowy görýändigi baradaky sözlerini ýetirdi. Bellenilişi ýaly, ýakyn wagtda Russiýanyň Döwlet Dumasynyň spikeri Wýaçeslaw Wolodin Türkmenistana sapar bilen geler.

M.Mişustin Aşgabada saparynyň birinji gününde bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebine baryp görendigini, ol ýerde okaýan okuwçylaryň türkmen hem-de rus dillerinde çykyş edendiklerini, olar bilen dürli derseler boýunça söhbetdeş bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda türkmenistanly ýaşlary köp sanlysy Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýar. Bilim ulgamynda baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, her ýyl türkmen ýaşlarynyň 250-si Russiýada bilim alyp bilýärler.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşdylar. Şunda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda iki ýurduň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmagyň ýollary dogrusynda maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň