Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda sürüjiligiň «BC» derejesi iň ýörgünli bolmagynda galýar

11:4220.01.2023
0
54089

Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi soňky bir ýylyň dowamynda ýurt boýunça jemi 42 müňden gowrak adamyň sürüjilik okuwlaryny geçendigini habar berdi. Sürüjilik okuwlarynyň öwrenijileriniň arasynda iň köp isleg bildirilen sürüjilik derejesi «BC» derejesi bolup, ýylyň dowamynda bu dereje boýunça 17 müň 897 adam şahadatnama aldy.

Alnan sany boýunça ikinji nobatda «B» derejeli sürüjilik şahadatnamalary durýar we bu dereje boýunça Türkmenistanyň 4005 sany ýaşaýjysy sürüjilik şahadatnamasyny aldy. Şunuň bilen birlikde, «C», «D» we «E» derejeleri boýunça sürüjileri gaýtadan taýýarlamak işleri geçirildi.

Bütin ýylyň dowamynda Türkmenistanyň awtomekdeplerinde 4336 sany ýük ulag sürüjileri taýýarlanyldy hem-de 4627 sany bolsa howply ýükleriň sürüjileri gaýtadan taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň ýurduň welaýatlarynda hem şahamçalary bolup, olar welaýat merkezlerinde ýurduň beýleki käbir şäherlerinde ýerleşýär.

Aşgabat şäheriniň Awtomobil mekdebiniň ýerleşýän salgysy: Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 424-nji jaý. Telefon belgileri: (+993 12) 44 33 19 we (+993 12) 44 33 20. Şeýle hem birleşigiň resmi saýtynda welaýat şahamçalarynyň özbaşdak sahypalaryna salgylanmalar ýerleşdirilendir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň