Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäde awtoulag satuwy azaldy

12:2720.01.2023
0
31663
Dünýäde awtoulag satuwy azaldy
Surat: mir24.tv

Geçen ýylyň jemleri boýunça dünýäde awtoulaglaryň satuwy azaldy, muňa käbir ýerde ätiýaçlyk şaýlarynyň ýetmezçiligi, kä ýerde öndürijileriň haýal-ýagallygy sebäp boldy. Emma bilermenler bu ýylda bazaryň dikeljekdigine ynanýarlar diýip, «Habar 24» ýazýar.

Awtoulaglaryň satuwy Ýewropada geçen ýylda 1993-nji ýyldan bäri iň pes derejä düşdi. Ýagny ýylyň jemleri boýunça 9 milliondan sähel az täze awtoulag satyldy. Munuň sebäbi 2022-nji ýylda ulaglaryň önümçiligi üçin düzüm bölekleriniň ýetmezçiligidir. Şunda diňe Germaniýada dekabrda söwdanyň biraz ösüş görkezendigi aýdylýar, Italiýada bolsa söwda 10 göterime golaý pese düşdi. Şeýle ýagdaý Fransiýada we Ispaniýada hem hasaba alyndy.

Amerikalylar hem indi awtoulagy az satyn alýarlar, ol ýerde söwdalar soňky on ýylda iň pes derejededir. Muňa üpjünçilik zynjyrynyň bozulmagy hem-de möhüm ýarymgeçiriji gurluşlaryň gytlygy sebäp boldy.

Şunlukda ABŞ-da «Honda» ulaglarynyň söwdasy 33, «Nissan» ulaglarynyň söwdasy çärýek ýaryma çenli peseldi. «Toyota» kompaniýasy bu ýurtda täze ulaglarynyň söwdasynyň 10 göterime çenli kemelendigini habar berdi.

Şol bir wagtda elektrik awtoulaglarynyň bazarynyň örüsini giňeldýändigi habarda bellenýär. Bu ulaglara, hususan-da, Skandinaw ýurtlarynda isleg artýar. Mysal üçin, Norwegiýada geçen ýyl satyn alnan ulaglaryň 5-den 4-si elektrik awtoulaglardyr. Bu ýerde iň köp satylýan elektrik awtoulaglar «Tesla» kompaniýasyna degişlidir.

Bilermenler üstümizdäki ýylda dünýäde diňe elektrik ulaglaryna däl, eýsem, ýangyçda işleýän ulaglara hem islegiň artjakdygyny çaklaýarlar, muna bolsa önümçiligiň möçberleriniň has durnukly artmagy hem-de soňa goýlan islegiň ýokarlanmagy sebäp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň