Soňky habarlar

Arhiw

«AkDag» türkmen kompaniýasy «Security» we «Prestige» toplumlaryna degişli ygtybarly we ykjam tigirçekli gabsalary hödürleýär

13:2117.01.2023
0
25293

«Asaş» (Türkiýe) kärhanasynyň Türkmenistandaky resmi paýlaýjysy bolan «AkDag» kompaniýasy «Security» we «Prestige» toplumlaryna degişli ýaşaýyş jaýlarynyň we kärhanalaryň penjirelerini döwülmekden, ygally howadan we göni Gün şöhlesinden goramak üçin tigirçekli gabsalary (örtükleri) hödürleýär.

«Prestige» toplumyna degişli, binýadynda antiwandal gorag ulgamy bolan tigirçekli gabsalaryň (örtükleriň) gurluşy döwülmäge, ýele, tomsuna Gün şöhlesine we goh-galmagala garşy goragyň umumy derejesini kepillendirýär.

«Prestige» sowuk howada ýylylygyň ýitmeginiň, ortça, 30% öňüniň alynmagyny üpjün edýär we tomsuna otagyň gyzmagyny 70% peseldýär, mundan başga-da, köçeden gelýän gohuň derejesini 10 desibele çenli azaldýar.

«Security» jaýlarda, iş otaglarynda, dükanlarda, şeýle hem kafelerde ýa-da restoranlarda penjire ýa-da gapy gurluşlarynyň antiwandal goragynyň ýokary derejesini üpjün edýär. «Security» toplumyna degişli tigirçekli gabsalaryň düşeginiň berk profilleri döwülmäge, tebigy hadysalara we poslamaga garşy durnuklydyr, güýçlendirilen metal birikdirijiler bolsa ähli gurluşyň goşmaça ygtybarlylygyny artdyrýar.

«AkDagyň» tigirçekli gabsalary 15 sany esasy reňklerde, şol sanda agajyň reňkindäki öwüşginlerde hödürlenýär. Ulanylýan reňkler mehaniki sürtülmä we Gün şöhlesiniň astynda solmaga garşy durnuklydyr.

«Security» we «Prestige» toplumlaryna degişli tigirçekli gabsalary elde hem, awtomatiki usulda hem dolandyrmak mümkindir, şonuň esasynda hatda giň we agyr gurluşlary hem kynçylyksyz galdyrmak mümkindir.

«AkDagyň» tigirçekli gabsalarynyň görnüşleri bilen tanyşmak we sargyt etmek üçin şu salga ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat, Gurbansoltan eje köç., 19-njy jaý.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • telefonlar: (+993 65) 71 30 55, (+993 65) 71 30 66;
  • hyzmat ediş bölümi: (+993 65) 69 11 53;
  • e-mail: info@akdagtm.com, akdagtm@gmail.com, akdag.com.tm;
  • sosial ulgamlardaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň