«Türkmenistan» awiakompaniýasy pandemiýa sebäpli ýatyrylan halkara uçuşlaryň petekleriniň möhletini gysgaltdy. Petekleri 2023-nji ýylyň 28-nji fewralyna çenli çalşyp bolýar. Bu barada «Orient» habar berýär.
Howa petekleri gidilýän ýurda baglylykda täzesine çalşyp bolýar. Meselem, eger-de ýolagçynyň Aşgabatdan Sankt-Peterburga ýatyrylan uçara petegi bar bolsa, ol ony Aşgabatdan Moskwa ýa-da Kazana tölegsiz çalşyp bilýär.
Petekleri Türkmenistanyň heniz uçuşlary ýola goýmadyk ýurtlaryna çalyşmak mümkin däldir. Şunda 1-nji martdan başlap, ähli ýolagçylaryň ozal satyn alnan peteklere tölenen pullaryny hiç hili tutumsyz yzyna gaýtaryp almaga mümkinçiligi bolar.
Ozal 2020-nji ýylyň 20-nji martyna çenli satyn alnan petekleri 2023-nji ýylyň 25-nji martyna çenli çalşyp bolýardy.
«Türkmenistan» awiakompaniýasy häzirki wagtda Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) göni yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.