«Atalanta» Italiýanyň A seriýasynyň 18-nji tapgyrynda «Salernitanany» 8:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Oýunda Jan Pýer Gasperininiň şägirtleri birinji ýarymda 5, ikinji ýarymda bolsa 3 gol geçirdi.
«Opta» statistiki neşiriniň habar bermegine görä, «Atalanta» öz taryhynda ilkinji gezek A seriýanyň çägindäki oýunda 8 gol geçirdi. Şeýle-de bergamo topary 21-nji asyrda A seriýanyň oýnunda 8 gol geçiren ilkinji klub boldy. Mundan ozal, Milan şäheriniň «Inter» 1996-njy ýylda «Padowanyň» derwezesine 8 gol geçiripdi. Gyzykly tarapy, şol oýun hem 8:2 hasabynda tamamlanypdy.
A seriýanyň 18-nji tapgyrynyň esasy netijeleriniň hatarynda «Milanyň» myhmançylykda «Leççe» bilen 2:2 hasabynda deň oýnamagyny, Interiň» öz öýünde «Weronany» 1:0, «Lasionyň» myhmançylykda «Sassuolony» 2:0, «Romanyň» öz öýünde «Fiorentinany» 2:0 ýeňmegini görkezip bolar.
Ozal habar berşimiz ýaly, A seriýanyň 18-nji tapgyrynyň merkezi oýnunda «Napoli» «Ýuwentusy» uly hasapda ýeňlişe sezewar bolupdy. 18-nji tapgyrdan soňra «Napoli» utuklarynyň sanyny 47-ä ýetirip, ýaryş jedwelinde liderligini pugtalandyrdy. Ikinji ýerdäki «Milanyň» hasabynda 38 utuk bar. Hersi 37 utukdan toplan «Inter» we «Ýuwentus» bolsa üçünji orunlary paýlaşýarlar.