Soňky habarlar

Arhiw

«Barselona» 14-nji gezek Ispaniýanyň Superkubogyna mynasyp boldy

11:0816.01.2023
0
29845
«Barselona» 14-nji gezek Ispaniýanyň Superkubogyna mynasyp boldy
Surat: rsport.ria.ru

«Barselona» El-klassikoda «Realy» utup, on dördünji gezek Ispaniýanyň Superkubogyna mynasyp boldy. Saud Arabystanynda geçirilen final oýny 3:1 hasabynda «Barselonanyň» ýeňşi bilen tamamlandy.

«Barselonanyň» düzüminde Gawi (33), Lewandowski (45) we Pedri (69) tapawutlandy. «Realyň» ýeke-täk jogap topy bolsa Karim Benzemanyň (90) adyna ýazyldy.

Şeýlelikde, «Barselona» öz taryhynda on dördünji gezek Ispaniýanyň Superkubogyna eýe çykyp, bu ugurda esasy garşydaşy «Realdan» (12) ýene öňe saýlandy. Bellemeli zatlaryň ýene biri-de bu kubok Hawi üçin «Barselonanyň» baş tälimçisi hökmünde gazanylan ilkinji titul boldy.

Maglumat üçin, «Barselona» häzirki wagtda 41 utuk bilen La liganyň turnir tablisasynda hem birinji ýeri özünde saklaýar. Ikinji ýerdäki «Realda» bolsa 38 utuk bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň