Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda aprel aýynda III Açyk halkara matematika olimpiadasy geçiriler

23:3113.01.2023
0
60630

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şol olimpiadalaryň biri Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçiriler.

Hasabatda bellenilişi ýaly, «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen, şu ýylyň 23 — 28-nji apreli aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda III Açyk halkara matematika olimpiadasyny ilkinji gezek Aşgabat şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar.

Halkara olimpiada Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Hindistan Respublikasynyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Gazagystan Respublikasynyň we beýleki onlarça döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Döwlet Baştutany şeýle aň-paýhas bäsleşikleriniň geçirilmeginiň diňe bir zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga däl, eýsem, dürli halklar bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de dünýäniň esasy ýokary okuw mekdepleri we ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýändigini nygtap, wise-premýere meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň