Düýn «Mançester Ýunaýted» Angliýanyň Liga kubogynyň 1/4 final tapgyrynda «Çarltony» (3:0) ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, niderlandly hünärmen Erik Ten Hag «Ýunaýtediň» baş tälimçiligindäki ýeňişleriniň sanyny 20-ä ýetirdi. Ol toparyň taryhynda ilkinji 20 ýeňişlik sepgide ýetmek üçin iň az oýun (27 oýun) sarp eden tälimçi hökmünde taryha girdi.
Maglumat üçin, «Mançester Ýunaýtediň» taryhynda ilkinji 20 ýeňişlik sepgide ýetmekde sarp edilen oýunlaryň sany boýunça Erik Ten Hagdan soňra degişli yzygiderlilikde Žoze Mourinýo (31 oýun), Lui wan Gal (36 oýun), Mett Besbi (40 oýun), Ole-Gunnar Sulşer (42), Aleks Ferguson (45 oýun) we Tomas Doçerti (68 oýun) ýaly tälimçileriň ady getirilýär.
Topar bilen bagly ýene bir gyzykly maglumaty dykgatyňyza ýetirsek, «Çarlton» bilen oýunda adyna iki gol ýazdyran Reşford «Ýunaýtediň» bassyr 8 öý oýnunda gol urup gelýär. Şeýle ýagdaýyň soňky 13 ýylda ilkinji gezek bolýandygyny bellemek gerek.
«Mançester Ýunaýted» indiki oýnuny 14-nji ýanwarda goňşusy «Mançester Sitiniň» garşysyna geçirer.