Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat şäher häkimligi sanly hyzmatlar portalyny işe girizdi

17:5411.01.2023
1
96109

Aşgabat şäher häkimligi «e.ashgabat.gov.tm» salgyda ýerleşýän sanly hyzmatlar portalynyň işini ýola goýdy. Indi ýurdumyzyň raýatlary bu onlaýn hyzmatlar arkaly gymmatly wagtlaryny tygşytlap, jemagat hyzmatlaryny ýagny, suw, zir-zibil, jaý jemagat hyzmatlary töleglerini onlaýn görnüşde töläp bilerler, bu barada Aşgabat şäher häkimliginiň web-saýty habar berýär.

Mundan başga-da, sanly hyzmatlar portalynyň üsti bilen zerur bolan güwänamalary hem onlaýn ýagdaýda sargyt edip bolýar. Saýtyň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin ulanyjylar ýaşaýan ýeri boýunça degişli ýaşaýyş jaý ulanyş müdirligine baryp, şahsy otagyny döretmek üçin login we açar sözüni alyp, belletmelidir, çünki bu programma degişli edara-kärhanalar bilen maglumat kommunikasiýasy torlary arkaly arabaglanyşykda işleýär.

Portalyň Baş sahypasynda «Suw tölegi», «Güwänamalar», «Zir-zibil tölegi», «Jaý jemagat hyzmatlary» bölümleri ýerleşdirilendir. Gerekli amallary ýerine ýetirmek üçin ulanyjylar bu bölümlerde talap edilýän maglumatlary doly we dürs girizmelidir. Bölümlerde degişli tölegler amala aşyrylanda soralýan hasap belgisini almak üçin bolsa ulanyjy Aşgabatagyzsuw edarasyna barmalydyr. Ýeri gelende bellesek, şol hasap belgisini jemagat hyzmatlary tölegleriniň beýleki görnüşlerinde hem ulanyp bolýar. Geljekde bu hasap belgini web saýtyň özünde awtomatik usulda bermek hem meýilleşdirilýär.

Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin döredilen sanly hyzmatlar portalyny üç dilde hem ulanyp bolýanlygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu hyzmatlar portaly Aşgabat şäher häkimligine degişli ähli ýaşaýyş jaý müdirliklerini we paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny bir ýere jemleýän uly maglumat tory bolmak bilen, şäheriň ýaşaýjylary üçin hödürlenilýän hyzmatlary ýeňilleşdirmekde amatly çözgüt bolar. Ýakyn geljekde portalyň mümkinçiliklerini has hem giňeltmek we amala aşyrylýan hyzmatlaryň sanyny köpeltmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň