Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäniň birinji raketkasy şikes aldy

18:2410.01.2023
0
46403

Erkekleriň arasynda dünýäniň birinji raketkasy ispaniýaly Karlos Alkaras şikes aldy. Bu şikes onuň golaýda geçiriljek «Awstraliýa Açyk» «uly tuwulgasynda» gatnaşmazlygyna sebäp bolup biler diýip,«Relevo» sport neşiri habar berýär.

Habar berlişi ýaly, Alkaras Alikante tennis akademiýasynda türgenleşýän mahalynda, 15 ýaşly tennisçi Darwin Blanş bilen geçirilen synag duşuşygynda şikes alypdyr.

Ýeri gelende bellesek, «Awstrakiýa Açyk — 2023» bäsleşigi 2023-nji ýylyň 16-29-njy ýanwary aralygynda geçiriler. Ýaryşyň häzriki çempiony ispaniýaly Rafael Nadal hasaplanýar. Ol geçen ýylky finalda russiýaly Daniil Medwedewden üstün çykypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň