Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň tennis boýunça ýetginjekler ýygyndysy Aziýanyň çempionatyna gatnaşýar

11:5009.01.2023
0
33099

Şu gün Bahreýniň Isa şäherinde 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça Aziýa çempionaty badalga alar.

«ITF Asia 14&U Development Championships» diýen at bilen geçýän ýaryşyň sebit boýunça tapgyrynda (Günbatar we Merkezi Aziýa, Günorta, Günorta-Gündogar hem-de Gündogar Aziýa) Türkmenistandan başga-da, Bahreýn, Yrak, Liwan, Gyrgyz Respublikasy, Saud Arabystany, Özbegistan we Ýemen çykyş eder.

Bu ýerde türkmenistanly ýetginjekleriň dördüsi ýeňiş üçin göreş alyp barar. Imran Ahundow bilen Selim Çagylow oglanlaryň ýaryşynda göreşse, Ilim Guseýnowa hem-de Natalýa Martynowa gyzlaryň ýaryşyna gatnaşarlar.

Türkmenistanly tennisçiler şu gün üç duşuşyk geçirerler. Imran ýemenli türgeniň garşysyna tennis kortuna çykar. Selim bolsa Saud Arabystanyndan bolan türgen bilen duşuşar. 12 ýaşly ildeşimiz Ilim Guseýnowanyň ilkinji garşydaşy liwanly ýetginjek bolar.

Ýaryş 19-njy ýanwara çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň