Turkmenportal logo
06.01.23
2260922609
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Messi ― 2022-nji ýylyň iň gowy futbolçysy

Halkara futbol taryhy we statistikasy federasiýasy (IFFHS) 2022-nji ýylyň iň gowy futbolçysyny anyklady. Bu ada PSŽ-niň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi mynasyp boldy.


Geçirilen ses berlişikde 275 utuk toplan Leo garşydaşlaryny ep-esli yzda galdyrdy. Ikinji orundaky Kilian Mbappe 35, üçünjilikdäki Karim Benzema 30 utuk toplap bildi.

Luka Modriç bilen Erling Holand degişlilikde 15 we 5 utuk bilen, ikinji, üçünji orunlary eýelediler.

Messiniň bu baýraga karýerasynda ilkinji gezek mynasyp bolýandygyny aýtmak gerek. Geçen ýylda hem baýragy Robert Lewandowski gazanypdy.