Turkmenportal logo
06.01.23
3495434954
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hýu Jekman kärdeşi Raýan Reýnoldsa garşy çykdy
Surat: playground.ru

Golliwudyň ýyldyzy Hýu Jekman Amerikan kinoakademiýasyna öz dosty we kärdeşi Raýan Reýnoldsy «Oskar» baýragyna hödürlemezlik baradaky haýyş bilen ýüzlendi diýip, «Variety» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.


Ýagny Rosomahanyň keşbini janlandyrýan Jekman akademiýanyň agzalaryna degişmeli wideo bilen ýüzlendi, ol Reýnoldsy «Iň oňat asyl nusgadaky aýdym» ugry boýunça baýraga dalaşgär görkezmezligi haýyş etdi. Reýnolds «Good Afternoon» aýdymyny özüniň baş keşbi döreden «Roždestwonyň ruhunda» atly täze filmde ýerine ýetiripdi.


Jekmanyň sözlerine görä, ol golaý wagtda dosty Reýnolds bilen «Dedpul» filminiň üçünji bölüminde surata düşüp başlamaly, baýraga dalaşgär görkezilmegi bolsa oňa ýaramaz täsir edip, men-menlik duýgusyny döreder.


«Eger Raýan baýraga hödürlenäýse, ömrümiň bir ýyly çekip-çydar ýaly bolmaz. Men onuň bilen arly ýylymy täze «Dedpulyň» surata alnyşynda geçirmeli. Ynanaýyň, bu maňa agyr düşer» diýip, Hýu Jekman degişdi.