Gökje obasyndaky sport desgasynda 2005 — 2007-nji ýyllar aralygynda doglan türgenleriň gatnaşmagynda uşu boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrunda ýaryş geçirildi.
Ýaryşda 42 kilograma çenli agram derejesinde aşgabatly Hekim Ahmedow (tälimçisi Ýalkym Nuryýew), 45 kilogramda lebaply Kemal Abduliýew (tälimçisi Anwarjan Kurbanow), 48 kilogramda Ahal welaýatyndan Hemra Halmyradow (tälimçisi Akmuhammet Beghanow), 52 kilogramda bolsa paýtagtly Gudrat Berdiliýew (tälimçisi Nurmyrat Babaýew) dagy ýeňiji boldular.
Ahal welaýatyndan Hezret Öwezgeldiýew (tälimçisi Akmuhammet Beghanow) 56 kilogramda, daşoguzly türgen Gaýgysyz Galandarow (tälimçisi Döwlet Sapardurdyýew) 60 kilogramda, paýtagtly ýaşlar Seýdulla Akmämmedow (tälimçisi Tirkiş Döwletow) 65 kilogramda, Şöhrat Rejepow (tälimçisi Nury Babaýew) 70 kilogramda, Gurbangeldi Ataýew (tälimçisi Ýalkym Nuryýew) 75 kilogramda hem-de Şatlyk Agabaýew (tälimçisi Ruslan Haýytbaýew) 75 kilogramdan ýokary agramda birinji boldular.
Gyzlaryň ýaryşlary hem dartgynly geçdi. 56 kilogramda daşoguzly Merjen Aşyrowa (tälimçisi Döwlet Sapardurdyýew), 60 kilogramda Marydan Ogulşat Hirimowa (tälimçisi Maksat Garýagdyýew), 75 kilogramda bolsa Ahal welaýatyndan Yrada Tadşiýewa (tälimçisi Akmuhammet Beghanow) dagy öz agramlarynyň ýeňijisi boldy.
Aşgabat şäheriniň topary umumy hasap boýunça birinji orny eýeledi. Toparlaýyn netijede Ahal welaýaty ikinji, Daşoguz bolsa üçünji boldy.