Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda çykaran «Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň meseleleri hakynda» Kararyna laýyklykda döredilen ministrligiň ýaşlar syýasaty bölümi öz işlerini ýaşlary goramaga we goldamaga gönükdirýär. Bölümiň anyk iş ugurlary we alyp barýan işleri barada «Türkmenistan» gazetinde makala çap edildi.
Gazetiň habarçysyna bölümiň başlygy Wepa Gutlyýewiň gürrüň berşi ýaly, bölüm ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bilen bagly wezipelerden ugur alyp, ýaşlaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini amala aşyrmaga gönükdirilen durmuş, ykdysady, ylym, bilim, medeni, jemgyýetçilik, guramaçylyk, hukuk çärelerini üstünlikli durmuşa geçirmek babatdaky işleri degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň häkimlikleri bilen utgaşykly alyp barýar.
Häzirki wagtda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek, şeýle hem bellenilen işleri kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, Kanundan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak we olary ara alyp maslahatlaşmak boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Pudagara iş topary döredildi.
Şeýlelikde, ýaşlara degişli kärhanalary goldamak boýunça ýeňillikleri bermegiň düzgünini tassyklamak, Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän we ýaşlary goldaýan ýuridik we fiziki şahslaryň başlangyçlaryny höweslendirmek üçin maliýe goldawyny bermek boýunça bäsleşigi geçirmegiň tertibini tassyklamak, ýaşlar telekeçiligini döwlet tarapyndan goldamak boýunça hemişelik hereket edýän (degişli ugurlar boýunça jogapkär edaralaryň wekillerinden ybarat bolan) Döwlet toparyny döretmek babatda degişli resminamalar işlenip taýýarlanyldy.
Bulardan başga-da, ýaşlar syýasaty bölüminiň hünärmenleri ministrliklerde we pudak edaralarynda ýaşlar syýasaty babatynda geçirilýän çärelere, maslahatlara işjeň gatnaşýarlar. Ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde olaryň gatnaşygyny işjeňleşdirmek bilen bagly meselelere bagyşlanan okuw maslahatyna gatnaşyp, öz iş ugurlary boýunça tejribelerini baýlaşdyrdylar.
2023-nji ýylda bölüm tarapyndan birnäçe işleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Bu işleriň meýilnamasy döwlet ýaşlar syýasatynda bellenilen çäreler hem-de wezipeler esasynda işlenip taýýarlanyldy. Şeýle-de halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny berkitmek we bu ugurda tejribe alyşmak maksady bilen, bölümiň işgärlerini daşary ýurtlara iş saparlaryna ýollamak hem meýilleşdirilýär. Geçen ýylyň 28 — 30-njy noýabry aralygynda bölümiň hünärmenleri sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşmak üçin, Gazagystan Respublikasynda iş saparynda boldular.