Soňky habarlar

Arhiw

26-27-nji ýanwarda teleköpri arkaly X türkmen-german forumy geçiriler

23:0104.01.2023
0
32656

Bu forumy geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Amannepesowyň hasabatynda aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, Aşgabatdaky Halkara okuw-ylmy merkezinde geçiriljek foruma Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we ýurduň welaýatlarynyň saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmenleri hem sanly ulgam arkaly gatnaşarlar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň, şol sanda GFR-iň esasy lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygyny belledi.

— Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ençeme ýyllaryň dowamynda geçirilýän bu forum türkmen we nemes kärdeşleriniň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, ylmy işgärleri hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär — diýip, döwlet Baştutany aýtdy we forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň