Soňky habarlar

Arhiw

2023-nji ýylda suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberleri tassyklandy

22:0904.01.2023
0
26058

Habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Mejlisde pudaklary ösdürmek bilen bagly käbir resminamalaryň taslamalaryna-da garaldy.

Mejlisiň barşynda wise-premýer A.Ýazmyradow suw üpjünçiligi hem-de suw serişdelerini rejeli ulanmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Hasabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň suw hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak we bar bolan suw howdanlarynyň göwrümlerini giňeltmek arkaly goşmaça suw gorlaryny döretmek hem-de ýurduň ähli pudaklaryny suw serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy we döwlet Baştutanynyň garamagyna 2023-nji ýylda ýurduň welaýatlarydyr etraplary boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini ähli suw çeşmelerinden ugur alyp, degişli möçberde tassyklamak barada taýýarlanan Buýrugyň taslamasy hödürlendi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumyny we beýleki pudaklary okgunly ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň döwletiň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutany, Türkmenistanyň Suw kodeksine laýyklykda, ýurduň suw serişdelerini aýawly hem-de netijeli peýdalanmak maksady bilen, degişli Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylda ýurduň welaýatlary we etraplary boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberleri tassyklanyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Buýrugy wise-premýer A.Ýazmyradowa sanly ulgam arkaly iberdi we resminamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň