Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistan bilen serhetdeş welaýatynyň gümrük terminallary 2022-nji ýylyň soňky sekiz aýyň dowamynda umumy möçberi 1 million tonnadan, umumy bahasy 1 milliard 250 million amerikan dollaryndan gowrak bolan harytlary eksport-import etdi. Bu barada «Financial Tribune» neşiri habar berdi.
Habar bellenilişine görä, eýran senenamasy boýunça 2022-nji ýylyň sekiz aýynda (21-nji martdan 21-nji noýabra çenli) Horasan Rezawi welaýatynyň gümrük terminallarynyň üsti bilen jemi möçberi 1,25 million tonna, umumy bahasy 827 million dollara barabar bolan haryt eksport edildi.
Çeşmede eksport edilen harytlaryň hatarynda esasy ornuň pissä we zagpyrana degişlidigi bellenilýär. Şeýle-de habarda degişli döwürde umumy bahasy 428 million amerikan dollaryna deň bolan harydyň Horasan Rezawi welaýatynyň gümrük terminallarynyň üsti bilen import edilendigi habar berilýär. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 26% ýokarydyr. Import harytlarynyň aglaba bölegi önümçilik tehnikalarynyň, çig mallaryň we el telefonlaryň paýyna düşýär.
Ýerli gümrük gullugynyň işgäri Jawad Jafariniň sözlerine görä, degişli döwürde Horasan Rezawi welaýatynyň çäginden üstaşyr ýükleriň 1,3 million tonnasy geçirilipdir. Bu möçber 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 55% artykdyr.
Ýeri gelende bellesek, Eýranyň Horasan Rezawi welaýatynyň çäginde serhet gümrük terminallarynyň jemi 4-si bolup, şolaryň 3-si — Sarahs, Lutfabad we Bajgyran Türkmenistan — Eýran serhedinde ýerleşýär.