2022-nji ýylda milli ýygyndylarda iň kän pökgi geçiren futbolçylaryň reýtingi düzüldi

00:3903.01.2023
0
23325

Futbolyň taryhy we statistikasy boýunça halkara federasiýa (IFFHS) 2022-nji ýylda milli ýygyndyda iň kän pökgi geçiren futbolçylaryň reýtingini mälim etdi.

Reýting-sanawynyň başyny 22 gol bilen Argentinanyň milli ýygyndysynyň we PSŽ-niň hüjümçisi Lionel Messi çekýär. Onuň geçen ýylda diňe milli ýygyndyda geçiren gollarynyň sany 22-ä çykdy. Ikinji orundaky Mbappe bolsa ýyly 21 gol bilen jemledi. Ilkinji üçlüge «Sitiniň» hüjümçisi Hulian Alwares hem girdi ― 15 gol.

Ilkinji 10-luga Eldor Şamurodow (Özbegistan), Karim Benzema (Fransiýa), Muhammad Salah (Müsür) we Rişarlison (Braziliýa) ýaly futbolçylar hem girdi.

1. Lionel Messi (Argentina / PSŽ) – 22 gol

2. Kilian Mbappe (Fransiýa / PSŽ) ― 21

3. Hulian Alwares (Argentina / «Mançester Siti») ― 15

4-5. Erling Holand (Norwegiýa / «Mançester Siti») ― 14

4-5. Sadio Mane (Senegal / «Bawariýa») ― 14

6-7. Robert Lewandowski (Polşa / «Barselona») ― 13

6-7. Pedro (Braziliýa / Santos) ― 13

8-11. Eldor Şomurodow (Özbegistan / «Roma») ― 12

8-11. Muhammad Salah (Müsür / «Liwerpul») ― 12

8-11. Karim Benzema (Fransiýa / «Real») ― 12

8-11. Rişarlison (Braziliýa / «Tottenhem») ― 12.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň