Turkmenportal logo
02.01.23
2786027860
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Suares Braziliýanyň «Gremio» toparynyň futbolçysy boldy

Braziliýanyň «Gremio» futbol kluby Urugwaýyň milli ýygyndysynyň 35 ýaşly hüjümçisi Luis Suares bilen şertnama baglaşylandygyny mälim etdi. Taraplar 2024-nji ýylyň tomsuna çenli güýji bolan şertnama gol çekişdiler.


Suares «Gremio» «Nasionaldan» erkin oýunçy hökmünde geçdi. Ol 2022-nji ýylyň ikinji ýarymyny Urugwaýyň toparynda geçiripdi.


Suares bilen Angliýanyň «Aston Willa», ABŞ-nyň «Inter Maýami» toparlary hem gyzyklanypdy.