Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandaky çagalar gaznasynyň işi halkara derejede alnyp barylýar

10:1130.12.2022
0
23346

2022-nji ýylda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna çagalarda operasiýa geçirmek babatynda halkara hyzmatdaşlyga hem giň gerim berildi.

«Türkmenistan» gazeti «Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkeziniň kardiohirurg lukmanlary, paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziň hünärmenleri operasiýalardan öň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Erlangen şäheriniň Fridrih Aleksandr kardiohirurgiýa uniwersitet klinikasynyň ýolbaşçysy, professor Mihael Weýand bilen, sanly lukmançylygyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, wideoaragatnaşyk arkaly tejribe alyşdylar hem-de bejerginiň operasiýadan soňky ilkinji günleriniň, ýakyn geljek döwrüniň tertibini ara alyp maslahatlaşdylar» diýip habar berýär.

GFR-iň Mýunhen şäheriniň klinikasynyň çaga ortopediýasy ugry boýunça ýolbaşçysy, trawmatolog-ortoped lukmany, doktor Winsent Frimberger ýurdumyzda iş saparynda bolup, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezde ýerli hünärmenler bilen tejribe alyşdy. Daýanç-hereket ulgamynyň kesellerinden ejir çekýän çagalara anyklaýyş-bejeriş we hirurgik bejeriş amallary ýerli hünärmenler bilen bilelikde ýerine ýetirildi.

Gaznanyň hasabyna dürli çylşyrymly dogabitdi kesellerden ejir çekýän çagalaryň 100-e golaýyna dürli lukmançylyk amallary geçirildi. Bu haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna paýtagtdaky Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezinde, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezde, ýurduň ähli welaýatlarynda dürli kesellerden ejir çekýän çagalara ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan hirurgik bejeriş amallary üstünlikli ýerine ýetirildi. Çagalaryň hirurgik bejergiden soňky ýagdaýlarynyň kanagatlanarly bolmagy bilen, olaryň her biri degişli hassahanalarda nobatdaky dikeldiş bejergilerini aldylar we sagdyn çagalaryň hataryna goşuldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň