Soňky habarlar

Arhiw

«Mançester Ýunaýted» we «Çelsi» aňsatlyk bilen üç utuk gazandylar

12:4628.12.2022
0
25943
«Mançester Ýunaýted» we «Çelsi» aňsatlyk bilen üç utuk gazandylar
Surat: news.sportbox.ru

Angliýanyň premýer-ligasynyň ýene iki duşuşygy geçirildi. «Mançester Ýunaýted» 17-nji tapgyryň oýnunda «Nottingem Foresti» 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. «Ýunaýtede» ýeňiş getiren bollary Reşford (19), Marsiýal (22) we Fred (87) geçirdi. Şeýle-de «Çelsi» tapgyrda «Bornmuty» myhman alyp, 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. «Aristokratlaryň» gollaryna Hawerz (16) we Maunt (24) awtorlyk etdiler. Tapgyr Aşgabat wagty 29-njy dekabrda sagat 1:00-da başlanjak «Lids» — «Mançester Siti» oýny bilen jemlener. Häzirlikçe 17 tapgyrdan soňra 15 oýunda 40 utuk toplan «Arsenal» turnir tablisasyna liderlik edýär. Ikinji orundaky «Nýukaslda» 16 oýundan soňra 33 utuk, üçünji ýerdäki «Mançester Sitide» bolsa 14 oýundan soňra 32 utuk bar. Şeýle-de güýçli bäşlikde «Tottenhem» (16 oýunda 32 utuk) we «Mançester Ýunaýted» (15 oýunda 29 utuk) klublarynyň ady bar.

17-nji tapgyryň netijeleri:

26-njy dekabr:

  • «Brentford» — «Tottenhem» 2:2 (Gollar: Ýanelt 15, Touni 54 — Keýn 65, Hoýbýerg 71);
  • «Krystal Pelas» — «Fulhem» 0:3 (Gollar: Rid 31, Rim 71, Mitrowiç 80);
  • «Ewerton» — «Wulwerhempton» 1:2 (Gollar: Mina 7 — Podense 22, Ait-Nuri 95);
  • «Lester» — «Nýukasl» 0:3 (Gollar: Wud 3, penalti, Almiron 7, Wellington 32);
  • «Sauntgempton» — «Braýton» 1:3 (Gollar: Uord-Prouz 73 — Lallana 14, Perro 35, awtogol, Març 56);
  • «Aston Willa» — «Liwerpul» 1:3 (Gollar: Uotkins 59 — Saloh 5, Wirjil wan Deýk (37), Baýçetiç (81);
  • «Arsenal» — «West Hem» 3:1 (Gollar: Saka 53, Martinelli 58, Nketia 69 — Benrahma 27, penalti).
  • «Çelsi» — «Bornmut» 2:0 (Gollar: Hawerz 16, Maunt 24);
  • «Mançester Ýunaýted» — «Nottingem Forest» (Gollar: Reşford 19, Marsiýal 22, Fred 87).
  • Tapgyryň indi geçirilmeli oýny

29-njy dekabr:

  • 01:00. «Lids» — «Mançester Siti».
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň