Soňky habarlar

Arhiw

2022-nji ýylda dünýäde iň köp satylan sport köwüşleri mälim edildi

11:0828.12.2022
0
23103
2022-nji ýylda dünýäde iň köp satylan sport köwüşleri mälim edildi
Surat: sneakerfreak.ru

Tamamlanyp barýan 2022-nji ýylda dünýäde iň köp satylan sport aýakgaby (krossowkasy) «Nike Dunk Low Panda» boldy. Bu barada «Hypebae» portaly «eBay» onlaýn-platformasyna salgylanyp habar berdi.

«Nike» sport aýakgaplaryndan soň meşhurlygy babatda «Air Jordan 1 Retro High OG Patent Bred», «Adidas Yeezy Boost 350 V2 Beluga Reflective», «Adidas Yeezy Boost 350 V2 Bone» we «the Air Jordan 11 Retro Cool Grey» krossowkalary barýar.

Bu ýylda isleg artan sport aýakgaplarynyň sanawynda ilkinji orna «New Balance 990 V1» kysymy eýe boldy, oňa isleg 200 göterim artypdyr. Onuň yzyndan «New Balance 2002R», «Adidas Forum Low» we «New Balance — 550» hem-de «990 V2» kysymly aýakgaplar barýar.

Onlaýn söwdalarda iň köp gyzyklanylan krossowkalar «Nike», «Adidas», «Air Jordan», «New Balance» hem «Vans» brendleriniň önümleri bolupdyr. Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň