Şokolad önümçiligi bilen adygan «Altyn Ýunus» hususy kärhanasy Täze ýyl sowgatlyklarynyň hem birnäçe görnüşini taýýarlady. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Önümçilik kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde ýerleşýän husuy kärhananyň taýýarlaýan Täze ýyl sowgatlaryna buýurmalaryň artmagy bu ýerdäki hünärmenleriň tijenip işlemeklerini talap edýär. Ýaş hünärmenleriň 50-ä golaýynyň «Çempion», «Bäşlik», «Emir», «Ýunus», «Melek» ýaly atlar bilen atlandyrylan şokoladlary, kökedir karamel süýjüleri Aýazbabadyr Garpamygyň suratlary bilen bezelen owadan sowgatlyk gaplara gaplaýan pursatlary göwnüňi göterýär.
Türkiýäniň we Ýewropanyň iň häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylan zawodda işçileriň ýüzlerçesi zähmet çekýär. Daşary döwletleriň iň kämil enjamlaryna ussatlyk bilen erk edýän ýaşlaryň yhlasly zähmeti netijesinde her aýda süýji we köke, konditer önümleriniň, maňyzdyr sakgyçlaryň 1 müň 212 tonna golaýy öndürilýär.
Kärhana önümçiligini has-da giňeltmegi, önümleriň görnüşlerini artdyrmagy maksat edinýär. Bu babatda Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän 2-nji önümhanasynda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Önümleriň diňe bir içerki bazarlarda ýerlenilmän, eýsem, Russiýa, Gazagystana, Özbegistana, Owganystana, Gyrgyzystana, Azerbaýjana, Täjigistana, Hytaýa, Yraga hem Eýrana yzygiderli eksport edilmegi olaryň ýokary hillidiginden, ekologik taýdan arassadygyndan, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplydygyndan habar berýär.