Angliýada serhoş Santa-Klauslar bronotransportýorda barmaly menziline ýetip bilmän ýolda galdylar diýip, «MIR 24» ýazýar.
Mazalyja içip serhoş bolan öňki harbylar Santa-Klausyň egin-eşigini geýnip, harby ulagda golaýdaky garbanyşhanalaryň birine Roždestwo baýramyny bellemek üçin ýola düşdüler. Emma ýetip bilmediler, ilk-ä kimdir biriniň awtoulagyny harapladylar, soňra hem öz ulaglaryny dolandyrmagy başarman ýolda galdylar.
Olaryň bu gelşiksiz hereketi ýerli obanyň adamlarynyň gaharyny getirdi, sebäbi ýoluň ortasynda galan harby tehnika sebäpli uly dyknyşyk emele geldi. Ýoly açmaga poliseýler goşulmaly boldy. Olar serhoş Aýazbabalary baýramçylyk keýpini bozmazlyk üçin tussag edip durmadylar.