Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Elektrik üpjünçiligi boýunça türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi

14:5726.12.2022
0
16613
Elektrik üpjünçiligi boýunça türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi
Surat: main.dabs.af

Türkmenistandan Owganystana elektrik üpjünçiligi baradaky şertnamany 2023-nji ýyla çenli uzaltmak baradaky gepleşikler üstünlikli geçdi diýip, Owganystanyň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» (DABS) elektrik kompaniýasynyň metbugat beýanatynda habar berildi.

Bellenilişi ýaly, 24-nji dekabrda «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň wekili Çary Jumaýew bilen DABS-iň baş direktory Alhaj Mula Muhammad Hanif Hamzanyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde ýakyn wagtda elektrik energiýasyny satyn almak baradaky ylalaşyga gol çekmek kararyna gelindi. Şeýle-de duşuşykda kuwwaty 500 kilowolt bolan elektrik geçiriji şahasynyň taslamasy we Hyratdaky «Nur-ul-Jehad» elektrik bekedini döwrebaplaşdyrmak meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Habar berlişi ýaly, türkmen tarapy Andhoý — Şebergan — Pul Humri ugry boýunça dowam etjek kuwwaty 500 kW bolan elektrik geçiriji taslamasy üçin maliýe we tehniki teklipleri bermäge taýynlanýar.

Ýatlap geçsek, Türkmenistan bilen Owganystan şu ýylyň fewral aýynda «Nur-ul-Jehad» elektrik bekediniň häzirki kuwwatyny 110-dan 220 kW-a çenli ýokarlandyrmak boýunça ylalaşyga gol çekipdiler.

Ozal Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek barada Owganystanyň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» kompaniýasy bilen baglaşan şertnamalarynyň möhletlerini uzaltmak hem-de iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini we bahalaryny kesgitlemek barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berlendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň