Soňky habarlar

Arhiw

Aktýor Idris Elba girdejisini 11,2 million dollara çenli artdyrdy

10:5323.12.2022
0
21646
Aktýor Idris Elba girdejisini 11,2 million dollara çenli artdyrdy
Surat: film.ru

Golliwudda üstünlik gazanmagynyň hasabyna aktýor Idris Elba tamamlanyp barýan ýylda girdejisini iki esse artdyrdy. Bu barada «Daily Mail» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

«IE7 Limited» hususy kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, aktýor girdejileriniň artmagy sebäpli, 930 müň dollar möçberinde salgyt töledi. Häzirki wagtda Elbanyň emlägi 11,2 million dollar bahalanýar.

Idris Elba filmlerdir seriallarda 100-den gowrak keşp döretdi. Diňe tamamlanyp barýan ýylda ol «Islegiň üç müň ýyly», «Tor: Söýgi we gümmürdi», «Sonik 2» we «Haýwan» atly filmlerde surata düşdi.

Aktýora «Marvel» studiýasynyň «Tor» filmindäki Heýmdallyň, «Azatlyga uzak ýol» filminde Nelson Mandelanyň keşpleri, şeýle hem «Forsaž» we «Janyna kast edijileriň topary» filmlerinde çykyş etmegi has-da meşhurlyk getirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň