Turkmenportal logo
21.12.22
1577115771
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistan» gazeti döredijilik bäsleşigini jemledi
Surat: Türkmenmetbugat

20-nji dekabrda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde geçiren «Maşgalanyň abadançylygy — döwletiň berkararlygy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.


«Türkmenistan» gazetiniň habar berşi ýaly, bu döredijilik bäsleşigi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly, Garaşsyzlygyň 31 ýyllygy, şeýle-de hemişelik Bitaraplygyň 27 ýyllygy mynasybetli geçirildi. Şeýlelikde, bäsleşik yglan edilen gününden başlap, onuň tamamlanýan gününe — 30-njy noýabra çenli «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna makalalaryň, oçerkleriň, söhbetdeşlikleriň köp sanlysy gelip gowuşdy. Bäsleşigiň ýeňijilerine «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan taýýarlanan diplomlardyr ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.


Iki ugur — makalalar hem-de söhbetdeşliklerdir oçerkler boýunça geçirilen bäsleşikde iberen eserleriniň düzgünnamada görkezilen şertlere laýyk gelýändigi göz öňünde tutulyp, şeýle-de eminler toparynyň çözgüdi esasynda, ýeňijiler hökmünde şu aşakdaky awtorlar kesgitlenildi:


MAKALALAR BOÝUNÇA:


Baş baýrak: Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, ýazyjy Atajan Tagan;


1-nji orun: «Zenan kalby» žurnalynyň öz habarçysy Keýik Umarowa;


2-nji orun: «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm redaktory Meretgylyç Ýagmyrow hem-de «Behişdi ahalteke atlary», «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» žurnallarynyň baş redaktory, žurnalist Narly Nuryýew;


3-nji orun: «Daşoguz habarlary» gazetiniň habarçysy Gurban Gurbanow, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň bölüm redaktory Şähribossan Öwezowa hem-de Tagtabazar etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, mekdebiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Akmuhammet Gurbanow.


SÖHBETDEŞLIKLER, OÇERKLER BOÝUNÇA:


Baş baýrak: «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň hünärmeni Amanmyrat Kiçigulow;


1-nji orun: Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Sapargeldi Durdyýew;


2-nji orun: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri Nurgözel Bäşimowa hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Begenç Annaýew;


3-nji orun: Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby Sülgün Myratgeldiýewa, çagyryş boýunça harby gullukçy, seržant Baýgeldi Çaryýew hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Annabeg Aýmakowa.