Kolumbiýanyň paýtagty Bogota şäherine Roždestwo otlusy geldi. Ol özi bilen hakyky baýramçylyk şatlygyny äkeldi diýip, «Habar 24» ýazýar.
Ýagty yşyklar bilen bezelen otly diňe çagalaryň däl, ulularyň hem ünsüni çekdi. Onda islän adam syýahat edip bilýär, olara otlynyň içinde ertekileriň gahrymanlary garaşýar. Santa-Klaus bolsa ýolagçylary gutlap, sowgat paýlaýar.
Roždestwo otlusy tutuş dekabr aýynda hereket eder. Ol ýolagçylary Bogotadan ýurduň beýleki şäherlerine hem aýlar.