Turkmenportal logo
17.12.22
2457224572
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ESPN: Biwol ýylyň iň gowy boksçysy

Amerikanyň ESPN sport portaly russiýaly boksçy Dmitriý Biwoly 2022-nji ýylyň iň gowy boksçysy hökmünde ykrar etdi.


2022-nji ýylyň dowamynda Dmitriý Biwol ik tutluşyk geçirip, olaryň ikisinde hem ýarym agyr agram derejesindäki WBO Super çempionlyk guşagyny üstünlikli goramagy başardy. Has takygy, Biwol 2022-nji ýylyň maý aýynda meksikaly Saul Alwarezi eminleriň biragyzdan gelen netijesi boýunça ýeňlişe sezewar eden bolsa, noýabr aýrynda ýene-de eminleriň biragyzdan gelen karary esasynda başga bir meksikaly boksçy Hilberto Ramiresden rüstem geldi.


ESPN sport portalyndan başga-da, Bütindünýä boksçylar assosiasiýasy hem Dmitriý Biwoly 2022-nji ýylyň iň gowy boksçysy diýip yglan edipdi.


Ýeri gelende bellesek, Biwol professional karýerasynyň dowamynda 21 tutluşyk geçirip, şolaryň ählisinde (11-sinde nokaut arkaly) ýeňiş gazandy.