Turkmenportal logo
17.12.22
3222732227
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2023-nji ýylda çig mal gymmatlar
Surat: extxe.com

Geljek 2023-nji ýylda harytlyk çig mallar dünýäde iň gymmat aktiwler bolar. Maýa goýumçylaryň girdejileri 40 göterim artar. Bu barada «Goldman Sachs Group» toparynyň halkara bilermenleri habar berdiler diýip, «Habar 24» ýazýar.


Çaklamalara görä, harytlaryň 24 görnüşi uly islege eýe bolar. Çig mal bilen bilelikde, önüm öndüriji kompaniýalaryň hem çykdajylary artar.


«Brent» nyşanly nebitiň bahasy öňdäki ýylyň dördünji çärýeginde bir barrel üçin 105 dollara ýeter diýlip habarda aýdylýar. Häzir ol 82 dollardan sähel gymmatdyr. Misiň bahasy hem geljek ýylda 2 müň dollara çenli gymmatlar diýlip çaklanylýar.