Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Apple» dünýäniň iň täsirli brendleriniň sanawynda öňe çykdy

15:5316.12.2022
0
20949
«Apple» dünýäniň iň täsirli brendleriniň sanawynda öňe çykdy
Surat: iphones.ru

«Apple Inc.» kompaniýasy dünýädäki 500 sany iň täsirli söwda nyşanlarynyň sanawynda ilkinji orny eýeledi, sanawy «World Brand Lab» (WBL) seljeriş kompaniýasy düzdi diýip, «Interfax.ru» ýazýar.

Geçen ýylky sanawda ilkinji orny eýelän «Google» bu ýyl üçünji orna düşdi, ikinji orny «Microsoft Corp.» kompaniýasy eýeledi.

Dünýäniň iň täsirli söwda nyşanlarynyň ilkinji onlugyndaky sekiz orun amerikan kompaniýalaryna degişlidir, olaryň arasynda «Amazon.com Inc.», «Walmart Inc.», «McDonald's Corp.», «Coca-Cola Co.» we «Tesla» bar. Iki sany awtoulag öndürijileri: «Toyota Corp.» ýapon we «Mercedes-Benz» nemes («Daimler» kompaniýasyna degişli) hem sanawdaky ilkinji onluga girdi.

Sanawa umuman 33 ýurt girdi. Uly tapawut bilen ABŞ-dan bolan brendler (500-den 198-si) öňde barýarlar diýip, WBL seljeriş kompaniýasynyň habarnamasynda bellenýär. Sanawa şeýle-de Fransiýa, Ýaponiýa, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa we Italiýa girdi, olaryň hersiniň 10-dan gowrak öňdebaryjy önümçilikçileri sanawdan orun aldylar.

«World Brand Lab» bu sanawy 2003-nji ýyldan bäri düzüp gelýär, ol munuň üçin ýurtlaryň 60-syndan bolan brendleriň 80 müňüsiniň işewürligini yzarlaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň