Turkmenportal logo
09.12.22
2077020770
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dawut Nazmyradow karatedo boýunça Italiýada geçirilen halkara ýaryşda bürünç medal gazandy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bilim alýan Dawut Nazmyradow Italiýa Respublikasynyň Jesolo şäherinde ulularyň hem-de 21 ýaşa çenli (U21) ýaşlaryň arasynda karatedo boýunça geçirilen Wenesiýanyň kubogyny almak ugrundaky halkara ýaryşda bürünç medala mynasyp boldy.


Türkmenistanly türgen bu üstünligi 21 ýaşa çenli türgenleriň arasynda 75 kilograma çenli agram derejesinde gazandy.


Halkara ýaryşda 40-dan gowrak döwletden 730-a golaý türgen ýeňiş ugrunda göreşdi. Italiýa Respublikasynda bolan türkmen ýygyndysyna 18 türgen wekilçilik etdi.