Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Russiýanyň salgyt gulluklary hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama gol çekdiler

16:1909.12.2022
0
18915
Türkmenistanyň we Russiýanyň salgyt gulluklary hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama gol çekdiler
Surat: newscentralasia.net

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Serdar Joraýew hem-de Russiýanyň Federal salgyt gullugynyň başlygynyň orunbasary Ýuliýa Şepelewa salgyt dolandyryş pudagynda düşünişmek we tehniki hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekdiler. Gol çekişlik Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň 12-nji mejlisinde bolup geçdi.

Resminama iki ýurduň salgyt administrasiýalarynyň arasynda tejribe alyşmagy, halkara derejede utgaşdyrmagy, taraplaryň ylalaşygy boýunça bilelikdäki taslamalary we beýleki başlangyçlary durmuşa geçirmegi üpjün edýär.

Ýatlap geçsek, ýakynda türkmen wekiliýeti Russiýanyň Federal salgyt gullugynyň başlygy Daniil Ýegorow bilen duşuşdy. Türkmen hünärmenleri Gullugyň sanly hyzmatlary we awtomatik salgyt dolandyryş ulgamlary bilen tanyşdylar. Wekiliýet, şeýle hem Russiýanyň Federal salgyt gullugynyň beýleki döwlet edaralarynyň işlerinde ulanmak üçin maglumatlary geçirmäge mümkinçilik berýän maglumat beriş platformasy bilen gyzyklandy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar uzak möhletli we netijeli hyzmatdaşlyga umyt bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň