Soňky habarlar

Arhiw

«Brent» nyşanly nebit 2021-nji ýyldan bäri ilkinji gezek arzanlady

11:4708.12.2022
0
17778
«Brent» nyşanly nebit 2021-nji ýyldan bäri ilkinji gezek arzanlady
Surat: aa.com.tr

Düýn Londonyň ICE biržasynda öňdäki ýylyň fewralyndan eltilmeli «Brent» nyşanly nebitiň nyrhy 2021-nji ýylyň fewralyndan bäri ilkinji gezek bir barrel üçin 77 dollardan aşak düşdi. Bu barada TASS habarlar gullugyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Moskwa wagty bilen sagat 22:21-de «gara altynyň» bu görnüşiniň bahasy bir barrel üçin 76,94 amerikan dollaryna deň boldy, emma sagat 22:47-de ol ösüş görkezip, 77,47 dollara deň boldy.

Habarda 2023-nji ýylyň ýanwarynda eltilmeli WTI nyşanly nebitiň bahasynyň bir barrel üçin 72,33 dollara çenli arzanlandygy aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň