«Duralga» mobil goşundysynyň näsazlyklary aradan aýryldy

18:4706.12.2022
0
38981

«Duralga» mobil goşundysynda iOS we Android ulanyjylary üçin näsazlyklar aradan aýryldy. Bu barada onlaýn hyzmaty döredijiler habar berdi.

Mundan ozal programma käbir tehniki sebäplere görä, wagtlaýyn işlemegini togtadypdy.

Ulanyjylar mobil goşundynyň düzedilen görnüşini Google Play-yň hem-de App Store-niň üsti bilen ýükläp ýa-da ozal bar bolan wersiýasyny täzeläp bilerler.

Ýeri gelende ýatlatsak, «Türkmenawtoulaglary» agentligi Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy bilen bilelikde Aşgabat şäherindäki awtobus ugurlary we duralgalary barada maglumat almak üçin amatly onlaýn hyzmaty döretmek maksady bilen «Duralga» mobil goşundysyny bilelikde işläp düzdi.

«Duralga» programmasynyň esasy aýratynlygy, awtobusyň belli bir duralga näçe wagtdan geljekdigini öz smartfonyňyzda onlaýn bilip bilersiňiz. Munuň üçin «Hyundai» kysymly şäheriçi awtobuslary ulaglaryň ýerleşýän ýeri barada maglumat iberýän GPS yzarlaýjylary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň