Turkmenportal logo
03.12.22
2356423564
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Japarow gyrgyz ligasynyň iň sak derwezeçisi boldy

«Abdyş-Ata» futbol toparynyň türkmenistanly derwezeçisi Rahat Japarow Gyrgyzystanyň futbol çempionatynyň geçen möwsüminde derwezäni iň sak goran derwezeçi boldy.


Ol möwsümde 21 duşuşyk geçirip, şolaryň 13-sinde derwezesinden bir pökgi hem geçirtmedi. Onuň möwsümde umumy geçirden gollarynyň sany bolsa 11-e deň.


26 ýaşly Rahat Japarow «Abdyş-Atada» şu ýylyň başyndan bäri çykyş edip gelýär. Ol häzirki topary bilen hem ýurduň çempiony boldy, hem Gyrgyzystanyň kubogyny gazandy.


Transfermarkt Rahat Japarowa 250 müň ýewro baha kesýär.