Turkmenportal logo
03.12.22
1563515635
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
DÇ-2022: Şweýsariýa Serbiýa utup, 1/8 finala çykdy

Şweýsariýanyň milli ýygyndysy DÇ-2022-niň üçünji tapgyrynda Serbiýadan üstün çykdy. Oýun 3:2 hasabynda Şweýsariýanyň peýdasyna tamamlandy.


Duşuşykda ilkinji gol 20-nji minutda Jerdan Şakiri tarapyndan uruldy. Emma Şweýsariýanyň hasapdaky üstünligi uzak dowam etmedi. 26-njy minutda Mitrowiçiň, 35-nji minutda Wlahowiçiň gol urmagy bilen Serbiýa 2:1 öňe saýlandy. 44-nji minutda Bril Embolo hasaby deňlän bolsa, 48-nji minutda Remo Froýler Şweýsariýa ýeňiş getiren goly derwezä ýollady.


Şeýlelikde, Şweýsariýa 6 utuk bilen «G» toparçasynda ikinji orny eýeläp, 1/8 final tapgyryna ýollanma aldy.


Tapgyrda Braziliýany ýeňen Kamerun 4 utuk bilen üçünji ýeri eýelän bolsa, toparçada ahyrky orun 1 utuk toplan Serbiýa degişli boldy.


Şweýsariýa 1/8 finalda Portugaliýa bilen çärýek finala çykmak üçin göreş alyp barar.


DÇ-2022-niň pleý-off tapgyryna 3-nji dekabrda badalga berler.