Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Annageldi Ýazmyradow Özbegistan Respublikasynyň Oba hojalygy ministrligine baryp gördi diýip, «UzDaily.uz» ýazdy. Habarda aýdylmagyna görä, Özbegistan Respublikasynyň Wise-premýeriniň orunbasary Şuhrat Ganiýew, oba hojalygy ministri Aziz Woitow we suw serişdeleri ministri Şawkat Hamraýew türkmen wekilini ýurtda oba hojalyk işiniň guralyşy bilen tanyşdyrdy.
Türkmen myhmanynyň gelmegi mynasybetli Oba hojalygy ministrliginde degişli guramalaryň gatnaşmagynda üçin ýörite taýýarlanylan kiçeňräk sergi we oba hojalygynda alnyp barylýan işler barada çykyş guraldy.
Duşuşyk Özbegistan Respublikasynyň Oba hojalygy ministrliginiň garamagyndaky Obasenagat toplumyny sanlylaşdyrmak merkezinde geçirildi. Onuň dowamynda oba hojalygy ministriniň orunbasary Kahramon Ýuldaşew myhmany bu ugurda işe girizilen maksatnamalar we taslamalar bilen tanyşdyrdy.
Türkmen tarapy hem öz gezeginde bu ugurda hyzmatdaşlygy teklip etdi we gepleşikleriň netijelerinden soň düşünişmek Ähtnamasyna gol çekmek barada ylalaşyk gazanyldy. Bu Ähtnamada türkmen hünärmenleriniň ösümlikleriň klon, wirussyz, in-vitro görnüşinde köpeldilmegi boýunça ýokary hünär taýýarlygy ýaly meseleler göz öňünde tutulýar.
Annageldi Ýazmyradow Daşkent döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň we Oba hojalygy ministrliginiň garamagyndaky Halkara oba hojalyk uniwersitetiniň işleri bilen tanyşdy.
Daşkent döwlet oba hojalyk uniwersitetine saparyň dowamynda Tohum önümçiligini ösdürmek merkeziniň hem-de Akademik M. Mirzaýew adyndaky bagbançylyk, üzümçilik we çakyr önümçiligi ylmy-barlag institutynyň ýanynda döredilen in-vitro barlaghanasynyň işi we bu ugurda alnyp barylýan işler görkezildi.
Şeýle hem uniwersitetiň fakultetleriniň we kafedralarynyň hem-de esasy doktorlyk okuwlarynda okaýan talyplaryň birnäçe ylmy işleri hödürlendi.
Soňra Halkara oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary bilen gepleşik geçirildi. Duşuşygyň netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada ylalaşyk gazanyldy.