Zoi Saldana «Awataryň» ikinji bölüminiň tolgundyryjydygyny gürrüň berdi

14:0902.12.2022
0
17583
Zoi Saldana «Awataryň» ikinji bölüminiň tolgundyryjydygyny gürrüň berdi
Surat: kanobu.ru

Jeýms Kemeronyň «Awatar» atly filminiň täze bölüminde Neýtiriniň keşbini janlandyran aktrisa Zoi Saldana filme tomaşa edende, aglandygyny gürrüň berdi. Ol bu barada «The Tonight Show» teleşowhunynda eden çykyşynda aýtdy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Aktrisa: «Henizem filmiň täsirinden saplanyp bilemok. Bu diýseň duýguly film. Men çynym bilen agladym, filmiň ajaýyplygyny söz bilen beýan eder ýaly däl!» diýdi.

«Awatar. Suwuň ýoly» atly täze bölümde wakalar ýene-de Jeýkiň (Sem Uortington) hem-de Neýtiriniň (Zoi Saldana) töwereginde bolup geçýär. Olar öz çagalary bilen bilelikde Pandora edilen täze hüjüme garşy göreşmeli bolýarlar. Munuň üçin olaryň maşgalasy Zeminden gelen basybalyjylardan uç-gyraksyz ummanda gizlenýärler.

«Awatar. Suwuň ýoly» dünýä prokatyna 2022-nji ýylyň 16-njy dekabrynda çykar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň