Soňky habarlar

Arhiw

DÇ-2022: Germaniýa toparçalaýyn tapgyrda ýaryşdan çykdy

11:3702.12.2022
0
25358

Germaniýanyň milli ýygyndysy Katarda geçirilýän DÇ-2022-niň toparçalaýyn tapgyrynda ýaryşy tamamlady.

Toparçadaky ahyrky oýunda Germaniýa Kosta-Rikany 4:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Emma bu ýeňiş Germaniýa pleý-off tapgyryna çykmak üçin ýeterlik bolmady.

Duşuşykda Germaniýanyň gollaryna Hawerz (dubl), Gnabri we Fýullkrug awtorlyk etdiler.

Parallel wagtda geçen beýleki oýunda Ýaponiýa Ispaniýadan üstün çykdy (2:1). Bu oýunda ispanlardan Alwaro Morata, ýaponlardan bolsa Ritsu Doana we Ao Tanaki öz atlaryna gol ýazdyrdylar.

Şeýlelikde, Germaniýa «E» toparçada 4 utuk bilen üçünji orny eýeledi. Kosta-Rika bolsa 3 utuk bilen ahyrky orna ýerleşdi. Toparçadan Ýaponiýa birinji orny (6 utuk), Ispaniýa ikinji orny (4 utuk, gollaryň aratapawudy boýunça Germaniýany yzda galdyrdy) eýeläp, 1/8 final tapgyrynda gatnaşmaga hukuk gazandy. Ýeri gelende bellesek, Germaniýa bassyr ikinji gezek mundialdaky ýörişini toparçalaýyn tapgyrda bes etdi.

1/8 finalda Ispaniýa Marokko bilen, Ýaponiýa Horwatiýa bilen güýç synanyşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň