Angliýada we Uelsde hristianlaryň ilatyň düzümindäki paýy azaldy

16:5830.11.2022
0
23579
Angliýada we Uelsde hristianlaryň ilatyň düzümindäki paýy azaldy
Surat: grozny-inform.ru

Angliýada we Uels Patyşalygynda hristianlaryň paýy ilat ýazuwy geçirilip ugralanyndan bäri ýurduň ilatynyň 50 göteriminden hem az boldy, muňa 2021-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri barada Beýik Britaniýanyň Milli statistika edarasynyň (Office for National Statistics, ONS) getirýän maglumatlary güwä geçýär diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.

«Ilat ýazuwynyň geçirilip başlanan döwründen bäri ilkinji gezek Angliýanyň hem-de Uelsiň ilatynyň düzüminde hristiançylyga uýýan ýaşaýjylaryň paýy 50 göterimden az boldy (46,2 göterim, 27,5 million adam). Bu 2011-nji ýyldakydan 13,1 göterim azdyr (33,3 million adam)» diýlip, resminamada aýdylýar.

ONS edarasynyň maglumatlaryna görä, Angliýada we Uelsde ateistleriň sany 37,2 göterim ösüş görkezipdir, 2011-nji ýylda olaryň sany 14,1 million adam (ösüş 25,2 göterim) bolan bolsa, 2021-nji ýylda 22,2 milliona ýetipdir. Emma muňa garamazdan, ýurtlaryň ikisinde-de iň köp ýaýran din hristiançylyk bolmagynda galýar. Şunuň bilen bir hatarda, Angliýada we Uelsde musulmanlaryň geçen ýylda ilatyň 6,5 göterimini düzendigi, ýagny 2,7 million adama ýetendigi aýdylýar.

Ilatyň dini düzüminiň şeýle özgermesine demografiki ýagdaýlar, şol sanda ölümiň, dogluşyň we migrasiýanyň görkezijileriniň üýtgemegi sebäp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň