Soňky habarlar

Arhiw

Moskwanyň uly döwlet sirkiniň Türkmenistanda etjek çykyşlary barada maglumatlar peýda boldy

12:3330.11.2022
0
28154

10-njy dekabrdan 2023-nji ýylyň 10-njy ýanwary aralygynda Moskwanyň uly döwlet sirkiniň sungat işgärleri Aşgabatda döredijilik saparynda bolar.

Häzirki wagtda çykyşlaryň tertibi we olar üçin petekleriň bahasy belli boldy.

Dynç günleri, Moskwa sirkiniň çykyşlary sagat 19:00-da başlar (meýilnamalar üýtgäp biler).

Dynç we baýramçylyk günleri çykyşlar 12:00-da, 15:00-da we 19:00-da bolar.

Petekleriň bahasy orunlara baglylykda 20 — 60 manat aralygynda bolar. Petekleri her gün 10:00-dan 19:00-a çenli Türkmenistan Döwlet sirkiniň kassasynda satyn alyp bilersiňiz.

4 ýaşdan kiçi çagalar bir petek alan uly adam bilen bilelikde girip bilerler. Çaga üçin aýratyn orun berilmeýär. Şeýle ýagdaýda ýanyňyzdaky çaganyň dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň bolmagy hökmanydyr.

Toparlaýyn sargytlar üçin telefon belgileri:

  • (+993) 63 62 97 79;
  • (+993) 65 21 83 20.

Moskwanyň uly döwlet sirkiniň çykyşlaryny wideo we surata düşürmek gadagandyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň